Bu barada 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde maglumat berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.
«THE ASHGABAT TIMES».