Şu günler Daşoguz welaýatynyň çagalar bakja-baglarynda çagalaryň tomusky taplama möwsümi dowam edýär. Bu işe welaýatymyzyň çägindäki mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynyň ählisi, şol sanda biziň Daşoguz şäherindäki 22-nji çagalar bakja-bagymyz hem işjeňlik bilen gatnaşýar.
Ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Tomusky dynç alyş döwründe çagalar baglarynda körpeleriň aň we beden taýdan sagdyn ösüşini ýola goýmak işi utgaşykly alnyp barylýar. Tomus paslynda geçirilýän işleriň özenini taplama çäreleri düzýär. Bu işleri talabalaýyk we göwnejaý guramakda biziň çagalar bakja-bagymyzda öňünden taýýarlyk işleri görüldi. Körpeleriň açyk howada gezelenç etmekleri üçin ýörite meýdançalar taýýarlanyldy. Günüň birinji ýarymynda toparlarda irki maşklar, irki gezelençler, gyzyklanma çäreleri geçirilýär.
Taplama çäresini geçirmegiň maksady çagalaryň saglygyny goramakdyr. Çagalary dogry taplamak lukmanyň we şepagat uýasynyň maslahaty esasynda alnyp barylýar. Tomus aýlary çagalar howa wannalarynda suwda taplanýar. Howa wannalaryna suwa girilen wagty çagalar ýeňil eşikde bolmaly. Güne taplamak irki gezelençde amal edilmeli. Şol pursatda şepagat uýasynyň çagalaryň ýanynda bolmagy zerurdyr. Şunuň ýaly işleriň geçirilmegi körpeleriň şadyýan we sagdyn bolmagyna uly ýardam edýär. Biziň çagalar bakja-bagymyzda geçirilýän gyzyklanma çäreleri hem körpejelerde ýakymly ýatlamalary galdyrýar.
Gurbangül ORAZGULYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 22-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.