Dark
Light
25.01.2026
6bvao7wnznjbqoy8hcfq2vdersw3fnysfuva0hygb1s4ivrhs7ppbehufv8q THE ASHGABAT TIMES

Taryhy medeni miras – milletiň ruhy dünýäsiniň özeni

25.07.2025

Halkara ylmy bileleşigiň we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli desgalara gyzyklanmalary ýyl-ýyldan artýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar şeýle hem ýurt baştutanymyzyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmündäki abraýyny barha artdyrýar, ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşige has doly açýar.

Ýurdumyzyň her bir güni guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar. 

Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bar. Olar dünýäde giňden ykrar edildi. Şeýlelikde, medeni mirasymyzy öwreniji, ruhy gymmatlyklarymyz baradaky gymmatly maglumatlary toplaýjy toparlar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda, etraplarynda, çetki obalarynda bolup, halkymyzyň baý medeni mirasyna, halk tejribesine, diline, taryhyna, milli hünärmentçiligine, halk çeperçilik sungatyna, asylly däp-dessuryna, halk döredijiligine degişli maglumatlary toplamak işleri dowam etdirilýär.

Türkmen halkynyň köki geçmişiň müňýyllyklarynyň gatlaryna siňip gidýän örän baý we gadymy taryhynyň bolmagy adamzat taryhynyň iň gadymy siwilizasiýalarynyň döremeginde, halklaryň medeni-ylmy gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde, maddy we medeni-ruhy gymmatlyklaryň alşyp-çalşylmagynda dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkynyň mizemez baýlygydyr. 

Gözel PIRMUHAMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň
uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza kici THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan BMG-niň wekilçilikli maslahatyna taýýarlyk görýär

15613e84a4c66e98fac9582901931195 1024x5328 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Awazada” dünýä derejesindäki forum: Durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop