Dark
Light
28.01.2026
1 THE ASHGABAT TIMES

Tejribe, hünär, kämillik

08.07.2025

Tejribe hemme ýerde, hemme işde gerek, aýratyn-da, žurnalistikada bu has möhüm. Biz her ýyl öz hünärimize görä degişli ýerlere, aýratyn hem, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalaryna, milli teleradioýaýlymlarymyza önümçilik tejribeligine ýollanýarys. Şeýdibem, öwrenen zatlarymyzy tejribe üsti bilen has-da berkidýäris.

Her gezek önümçilik tejribeligini geçmegimiz talyplyk durmuşymyzda ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrülýär. Sebäbi biz tejribelik döwründe nazary bilimlerimizi amalyýetde özleşdirýäris, döredijilik adamlary bilen tanyşýarys, olar bilen pikir alyşýarys, täze iş endiklerini öwrenýäris. Biz diňe bir redaksiýanyň işini däl, eýsem, gazet-žurnallaryň çap edilişiniň usullaryny, çaphana işiniň aýratynlyklaryny hem öwrenýäris. Munuň özi biz ― geljekki halkaraçy žurnalistler üçin kämillik mekdebidir. Tejribelik döwründe institutymyzyň «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetinde, şeýle hem internet saýtlarynda dürli temalardaky, şol sanda önümçilik tejribeligimiziň ähmiýetini şöhlelendirýän makalalar bilen çykyş edýäris.

3 THE ASHGABAT TIMES

Biz geljekde hem özümize bildirilýän beýik ynama diňe ýeňişlerimiz bilen jogap bereris. Ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

balkan mate THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mekdep okuwçylary Balkan matematika olimpiadasyndan medally dolandylar

bmg b THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop