Dark
Light
03.01.2026
gulun owadan bas THE ASHGABAT TIMES

Türkmen milli keçesini taýýarlamak boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi

24.07.2025

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen guraldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýatlarda geçirilen bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlarymyz gatnaşdylar.

gul owadan THE ASHGABAT TIMES

Bäsleşigiň birinji şertine görä zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirip görkezdiler we keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary, ulanylyşy barada gürrüň berdiler. Soňra gatnaşyjylar öz welaýat aýratynlyklaryna görä, gadymy milli nagyşlary «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek», «Saýlan», «Gülýaýdy», «Sekiz goçak», «Gelinbarmak», «Gapyrga», «Öküz oňurga», «Gonjuk», «Hindi goçak», «Içýanagzy», «Tazy guýruk», «Saýlap», «Barmak» we başga gülleri salyp keçe güllediler.

gul owa 1 THE ASHGABAT TIMES

Bäsleşigiň soňky şertine laýyklykda, gözellik sungaty bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlarynyň, gülleriniň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, degişmeleri, gazallary, aýdyşyklary hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edip, öz ýürek buýsançlaryny şahyrana setirleriň we çeper sahnalaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hazar 1 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ösüp barýan ýurtlaryň hususy pudagynyň forumy geçiriler

awaza forumm 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Deňze çykmak – ykdysady öňe gidişlik

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop