Dark
Light
04.01.2026
turkmenistanyn-dim-nde-bmg-nin-denze-cykalgasy-bolmadyk-osup-baryan-yurtlar-boyunca-ucunji-maslahatyna-tayyarlyk-boyunca-brifing-gecirildi
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

21.07.2025

2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda täsirli platforma hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow her 10 ýylda bir gezek geçirilýän çäräniň ähmiýetini nygtady. Dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýan bu çärä giň gerimli taýýarlygyň görülýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew öz çykyşynda 2025-nji ýylyň 5-nji awgustyndan 8-nji awgustyna aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Brifingde protokol-guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we taýýarlyk işleriniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek boýunça teklipler berildi.

Soňra sorag-jogap alyşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmenistanyn-ilcisi-taze-zelandiyanyn-general-gubernatoryna-ynanc-hatlaryny-gowsurdy
Öňki taryh

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy

turkmenistanyn-we-tunisin-dasary-syyasat-edaralarynyn-yolbascylary-telefon-arkaly-sohbetdeslik-gecirdiler
Next Story

Türkmenistanyň we Tunisiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop