Dark
Light
25.01.2026
turkmenistanyn-ilcisi-taze-zelandiyanyn-general-gubernatoryna-ynanc-hatlaryny-gowsurdy
Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy

21.07.2025

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Wellington şäherindäki Hökümet öýünde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tokiýo şäheri) Atadurdy Baýramowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatorynyň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen tarapynyň dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga ygrarlylygy tassyklanyldy.

Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň iň gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi we öz gezeginde Ilçiden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň dostlukly we mähirli salam sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.

Täze Zelandiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Ilçi 2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Ýewropa departamentiniň başlygy Rod Harris bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygy, şeýle hem Türkiýäniň we Meksikanyň Täze Zelandiýadaky Ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turkmen-halkynyn-milli-lideri,-turkmenistanyn-halk-maslahatynyn-baslygynyn-azerbayjan-respublikasyna-sapary-tamamlandy
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy

turkmenistanyn-dim-nde-bmg-nin-denze-cykalgasy-bolmadyk-osup-baryan-yurtlar-boyunca-ucunji-maslahatyna-tayyarlyk-boyunca-brifing-gecirildi
Next Story

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop