emblem gerb THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerine prorektorlar bellenildi

12.07.2025

Bular boýunça Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Derýaguly Hudaýgulyýewiç Rzaýew Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbanmyrat Sähedow, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güýçgeldi Garýagdyýewiç Hojamyradow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Baýrammyradowiç Rejepow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sähetmyrat Seýitmyradowiç Pürsüýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbansähet Amansähedowiç Gurbansähedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Peýzulla Rozbaýewiç Hydyrow, pensiýa gitmegi sebäpli, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Amanowiç Atabaýew Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gaýgysyz Annaçaryýewiç Ataýew Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:49 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
medal bitaraplyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly döredildi

bilim 22 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy

Soňkylar Habar

GitTop