ulag transport THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy

12.07.2025

Bu barada 11-nji iýulda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.

Resminamada, ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işini bes edilip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmek bellenildi.

Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentligini we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýip atlandyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany metbugatda dolulygyna çap edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dowlet gullugy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy okuwlaryň haýsy ugurlaryny hödürlär?!

emblem gerb 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri wezipesinden boşadyldy

Soňkylar Habar

GitTop