2025-nji ýylyň 1-3 iýuly aralygynda Wena şäherinde (Awstriýa) Merkezi we Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary (CEECAC) üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) sanitariýa we fitosanitariýa çäreleriň (SPS) ýerine ýetirilişi baradaky sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär. Bu çäre BSG-niň Sekretariaty tarapyndan Bilelikdäki Wena instituty (JVI) bilen hyzmatdaşlykda, BSG-niň 2024–2025-nji ýyllar üçin iki ýyllyk tehniki kömek we hünär taýýarlygy meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Sebitleýin okuw maslahatyň esasy maksady CEECAC sebitindäki ýurtlaryň BSG-nyň işine gatnaşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de SPS Şertnamasynyň düzgünleriniň giňişleýin düşnükli bolmagyny üpjün etmekdir. Maslahatyň dowamynda sanitariýa we fitosanitariýa çäreleri bilen baglanyşykly açyklyk çäkleri, BSG-nyň SPS Komitetiniň alyp barýan işleri, şeýle hem Halkara Ösümlikleri Goramak Konwensiýasynyň (IPPC), Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň (WOAH) we Kodex Alimentarius Komissiýasynyň häzirki zaman başlangyçlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Sebitleýin okuw maslahatyň işine Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti gatnaşýar, onuň düzümine Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri girýär.
Sebitleýin maslahatyň dabaraly açylyşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň sanitariýa we fitosanitariýa çäreler ulgamyndaky ähli halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny, degişli halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygyny hem-de milli SPS ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek üçin tehniki we hünär mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Türkmenistan ilatyň saglygyny, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak, şeýle hem azyk we oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygyny hem-de hilini üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şu sebitleýin maslahata gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary SPS Şertnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy, beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşmagy hem-de sanitariýa we fitosanitariýa çäreleriň (SPS) ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi meýilleşdirýärler.