Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher we welaýat geňeşlerinde Ýaşlar baýragyna dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri badalga aldy. Degişli Düzgünnama «Nesil» gazetiniň 8-nji iýulyndaky sanynda çap edildi. Ýaşlar baýragyna hödürlenjek dalaşgärler 16 ýaşdan 35 ýaşa çenli bolan, edebiýat, sungat, medeniýet, ylym we tehnika, lukmançylyk, sport, oba hojalygy, mugallymçylyk ýaly dürli ugurlarda döredijilik we zähmet işjeňligini, möhüm üstünliklerini görkezen ýurdumyzyň raýatlary bolmalydyr.
Öň bu baýragy alan raýatlar gaýtadan gatnaşyp bilmeýärler. Dalaşgärleriň resminamalary 2023, 2024 we 2025-nji ýyllarda gazanan üstünlikleri barada maglumatlary öz içine almalydyr. Resminamalar 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşleri tarapyndan kabul edilýär. Soňra dalaşgärler baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine ugradylýar. Baýrak bilen sylaglamak baradaky soňky karar hem şol ýerde kabul edilýär.
Bu baýraga gatnaşmak isleýän raýatlar aşakdaky resminamalary tabşyrmalydyrlar: ölçegi 3×4 ölçegdäki bolan alty sany reňkli surat, şahsy maglumatlar (maglumat we terjimehal) kagyz görnüşinde hem-de elektron görnüşinde (aýratynlykda familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi – güni, aýy we ýyly, wezipesi, iş we öý salgylary, telefon belgisi görkezilmelidir), dalaşgäriň pasportynyň notarius taýdan tassyklanan nusgasy, eger-de işlän ýagdaýynda zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy, dalaşgäriň jemgyýetçilik derejesinde ykrar edilendigini tassyklaýan resminamalar, ýagny hormat hatlarynyň, diplomlaryň we beýleki sylaglaryň nusgalary, çykyşlarynyň we işleriniň fotosuratlary, CD/DVD ýazgylary, metbugatda çap edilen döredijilik işleriniň nusgalary, dalaşgäri baýrak üçin hödürleýän edaranyň, guramanyň ýa-da kärhananyň berýän häsiýetnamasy hem-de etrap, şäher ýa-da welaýat ýaşlar guramasynyň mejlis protokolynyň nusgasynyň tassyklanan göçürmesi, degişli gol we möhür bilen.
«THE ASHGABAT TIMES».