Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing görnüşinde geçirilen duşuşykda aýdyldy.
Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde golaýda bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, möhüm ynsanperwer işleri amala aşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, goňşy ýurt bilen serhetdäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirildi.
Türkmenistan tarapyndan döredilen ynsanperwer geçelge arkaly 52 ýurduň raýatlary bolan 4678 adamyň öz ýurtlaryna dolanyp barandygy bellenildi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň hem-de Amerika yklymlarynyň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar.
«THE ASHGABAT TIMES».