Ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olaryň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy.
Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edildi. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi. Ýygnalan täze hasyl zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşaldy. Munuň özi gallaçy kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklerine ýardam berdi.
«THE ASHGABAT TIMES».