asfadagffhh THE ASHGABAT TIMES

WTO-ň sebitleýin okuw maslahaty: sanitariýa we fitosanitariýa çäreleri gowulandyrmagyň ýollary.

04.07.2025

Wena şäheri, Awstriýa 2025-nji ýylyň 3-nji iýuly — Merkezi we Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) sanitariýa we fitosanitariýa çäreleriň (SPS) ýerine ýetirilişi baradaky Ylalaşygy boýunça sebitleýin okuw maslahaty üstünlikli tamamlandy. Bu okuw maslahaty BSG-niň sekretariaty bilen Bilelikdäki Wena institutyň (JVI) bilen hyzmatdaşlygynda, 2024–2025-nji ýyllar üçin niýetlenen BSG-niň iki ýyllyk tehniki kömek we hünärmen taýýarlamak meýilnamasynyň çäginde geçirildi. Sebitleýin maslahat 1-3-nji iýul aralygynda geçirildi.

asfdfgdfdgdsafsd THE ASHGABAT TIMES

Sebitleýin okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň wekilýetiniň düzümine Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Sebitleýin okuw maslahatynyň jemleýji gününde, Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň adyndan Halkara we ylmy aragatnaşyklaryň bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow jemleýji çykyşyny edip, çäräniň guramaçylyk derejesini we mazmunyny ýokary baha berdi. Ol üç günlik okuw maslahatyň dowamynda gatnaşyjylaryň sanitariýa we fitosanitariýa çäreleriň ulanylmagy baradaky Ylalaşygyň esasy düzgünlerini hem-de olaryň amaly durmuşa geçirilişini jikme-jik öwrenendigini, şeýle-de sebitiň ýurtlary arasynda tejribe alyşmagyň konstruktiv ýagdaýda geçirilendigini belledi.

«Alnan bilimler we teklipler ýurdumyzda sanitariýa we fitosanitariýa çäreleriň milli ulgamyny has-da ösdürmek we berkidmegiň ygtybarly binýady bolup, halkara standartlaryna we iň gowy tejribä esaslanyp, onuň dünýä söwda ulgamyna has-da çuňlaşdyrylmagyna uly goşant goşar» — diýip, Arslan Soltanmyradow nygtady.

Türkmenistan azyk önümleriniň howpsuzlygyny hem-de ýokary hilini üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, haýwanlaryň saglygyny we daşky gurşawy goramak ugurlarynda döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şeýle ýokary derejedäki halkara okuw maslahatlaryň işine gatnaşmak halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we sanitariýa we fitosanitariýa çäreler ulgamynda milli ukyplylygy ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolup durýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sergi turk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

1751572669 b954a202ba3a3a78d50794eddc73b1ef THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Agdamda OES-niň 17-nji Sammitine gatnaşyjylar «Ýeňiş» atly Karabag atlarynyň çykyşyna tomaşa etdiler

Soňkylar Habar

GitTop