yaslar bilim ylym THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlara hünär ýaraşýar

10.07.2025

«Talyplyk» diýlende, biserhet arzuwlary, ýatlamaga iň gyzykly pursatlary, dostlugy, üýtgeşik bir mähremligi özünde jemleýän bilim mesgeniň, mugallymlaryň ýadyňa düşýär. Çünki şolar ynsana manyly ýaşamagyň ilkinji şertlerini: dogry pikirlenmegi, ula sarpa goýup, kiçini söýmegi, dost-doganlygyň mazmunyny, durmuşda öz mynasyp ornuňy tapmagy, hünär syrlaryny öwredýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar bilen birlikde, geljekki halkaraçy hünärmenler — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem önümçilik tejribelerini geçýärler. Şunda biz her ýyl öz hünärimize görä degişli ýerlere, aýratyn hem, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalaryna, milli teleradioýaýlymlarymyza önümçilik tejribeligine ýollanýarys. Biz talyplyk ýyllarynda nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribe arkaly has-da berkidýäris.

Talyplyk ýyllaryň halypalardan öwrenen ylym-bilimiňi berkidip, hünäriň boýunça borçlaryňy ýerine ýetirmekdir. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde hünär öwrenip, ylym-bilim alýan ýaşlar hem geljekde daşary syýasatymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup, dünýäde ata Watanymyzyň at-abraýyny, milli diplomatiýamyzyň şöhratyny has-da dabaralandyrjak hünärmenler bolup ýetişerler. Ýokary hünär bilimine eýe bolýan ýaşlaryň ýürekleri bu gün täze taryhy döwrümize bolan çäksiz söýgüden, saýlap-seçip alan mukaddes hünärlerine bolan höwesden doly.

Gülnäzik AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
arkadag sahergg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

yaslar gur yunesk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenjek dalaşgärleriň resminamalary kabul edilip başlandy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop