Dark
Light
03.01.2026
awaza kongres THE ASHGABAT TIMES

Ygrarlylykdan özgerişe tarap: BMG-niň Awaza forumynda zenanlaryň orny

23.07.2025

Ýurdumyzda geçirilýän iri halkara forumlarda zenanlar meselesine ýüzlenilmegi olaryň maşgaladaky, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeň ornuna, gender deňliginiň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýändigini alamatlandyrýar. Bu hakykaty ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty bilen ugurdaşlykda «Ygrarlylykdan özgerişe tarap: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň Hereketler maksatnamasyny öňe sürýän zenanlar» atly ýolbaşçy zenanlarynyň forumynyň guralmagynyň göz öňünde tutulmagy hem ýene bir ýola tassyklaýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň, takmynan, 49 göteriminiň zenanlardygy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Bu ýurtlarda zenanlaryň möhüm çözgütleri kabul etmek we jemgyýetçilik wezipelerini ýerine ýetirmek işine deň hukukly we doly ygtyýarly gatnaşmagy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň zenanlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça tekliplerini hem-de zerur bolan borçnamalaryny, olaryň 2024 — 2034-nji ýyllar döwrüni öz içine alýan Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasynyň, ýagny «Awaza maksatnamasynyň» amala aşyrylmagynda işjeň ornuny kesgitlär. Hereketleriň täze maksatnamasynyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde gender deňligini üpjün etmekde, aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmakda, umumy bähbitleri durmuşa geçirmek bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň zenanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda edilýän bilelikdäki tagallalar olaryň durmuşynda täze sahypany açar.

Gender deňligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda Milli hereketleriň meýilnamalary, täze kanunçylyk namalary yzygiderli kabul edilýär. Çünki gender deňligini üpjün etmek, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-siniň biridir. Bu babatda ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen gatnaşyklary berkitmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna, BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi meseleleri boýunça düzüminiň («BMG — Zenanlar») Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Merjen HALAPOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 403-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza for taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza maslahaty: hyzmatdaşlyk arkaly ösüş

271224 emblema THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara maslahatlar – hoşniýetliligiň nyşany

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop