Dark
Light
24.01.2026
hazar kaspi avaza awaza turkmenbashi tourism THE ASHGABAT TIMES

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2025

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde Hazar deňziniň güni bellenilýär hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahat geçirilýär.

2012-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça sebitiň ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň, abraýly halkara guramalaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, tejribeli hünärmenleriň we tanymal alymlaryň gatnaşmagynda birinji Hazar ekologiýa forumynyň geçirilmegi Hazar deňziniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzyň uly tagalla edýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen guralan birinji Hazar ykdysady forumynyň hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän täze ugurlaryny ýüze çykardy. Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda bolsa Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we netijeli ösdürmek babatda täze başlangyçlar beýan edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20250812 162620 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiniň 3-nji maslahaty geçirildi.

gozelsa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gözel Şagulyýewanyň täze goşgular kitaby jemi dokuz dilde çap edildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop