Dark
Light
26.12.2025
awaza gun THE ASHGABAT TIMES

Ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine

06.08.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde ählumumy ösüşiň bähbidine asylly başlangyçlary durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini iş ýüzünde görkezýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň mysalyna öwrülip, ýurdumyzyň halkara abraýynyň we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmagynyň ykrarnamasy boldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan ynsanperwer daşary syýasy strategiýamyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Şol syýasat durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahat we abadan geljegi gurmaga gönükdirilendir.

Jemläp aýdanyňda, bu maslahat dünýä ösüşiniň uly we derwaýys meselelerine gürrüňsiz degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli maksatnamalaryny, ilki bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, Geljegiň bähbidine paktyň strategik ýörelgelerine eýermäge dahyllydyr. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek häzirki döwürde möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara sebit gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýar.

Toýlynyýaz ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza maslahaty öz işine başlady

1000057704 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Awaza sport toplumynda” Raýat jemgyýetiniň forumy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop