Dark
Light
24.01.2026
guterris THE ASHGABAT TIMES

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

28.08.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk hatyny iberdi. Hat metbugatda dolulygyna çap edildi.

Onda: «2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjyňyz üçin Size hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Ýurduňyzyň parahatçylyk we köptaraplaýyn dialog ýörelgelerine ozaldan gelýän ygrarlylygy maslahaty geçirmek üçin oňyn esaslary döretdi. Dünýäniň çar künjeginden gatnaşyjylary, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlaryny, raýat jemgyýetini, ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini umumy gün tertibiniň daşyna birleşdirmek boýunça eden tagallalaryňyza ýokary baha berýärin. Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga mümkinçilik bermek üçin milli hereketleri, sebit hyzmatdaşlygyny, ählumumy syýasy tagallalary özara ylalaşmakda möhüm orny eýeledi» diýlip bellenilýär.

Mundan baga-da, Guterriş Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýetini hem aýratyn belleýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sanly ulgam kiber THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti: maglumat goraglylygy

garassyzlykbs THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop