Dark
Light
24.01.2026
kids 25 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy

22.08.2025

21-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Üç günläp dowam edýän sergi-ýarmarka döwlet we hususy kärhanalar, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalary, milli sport federasiýalary, söwda merkezleri we beýlekiler gatnaşýar. 

Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle-de iýmit kärhanalarynyň 80-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň wekilleri bar.

“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ýurdumyzyň meşhur moda öýleriniň we dizaýnerleriniň çagalar üçin taýýarlan täze lybaslar toplumynyň görkezilişi hem geçirildi. Serginiň çäklerinde çagalar üçin tikin tikmek, lybaslary bezemek, özbaşdak sungat eserlerini döretmek boýunça ýörite tälim beriji sapaklar hem geçilýär.

Ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ata-eneler çaga terbiýesi we kitap okamagyň peýdasy barada ussat mugallymlardan maslahatlary alyp bilýärler. Sergi 23-nji awgusta çenli öz işini dowam eder. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yangyn howpsuzlygy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýangyn howpsuzlygynda täze tehnologiýalaryň orny we täsiri

bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» (fotogalereýa)

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop