Dark
Light
27.12.2025
awaza bas 1 THE ASHGABAT TIMES

Awaza duşuşygy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

28.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli boldy. Bu maslahat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, 100-den gowrak ýurtdan ýokary wezipeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň 50-ä golaýyndan, öňdebaryjy kompaniýalaryň 20-den gowragyndan wekilleri bir ýere jemledi.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde (DÇBÖBD) inklýuziw ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy derejede hereketleri hem-de integrasion tagallalary utgaşdyrmak Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy maksadydyr. Bu resminama BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny ähli ulgamlarda doly amala aşyrmak boýunça işlere, şol sanda ýurtlary has işjeň hereketlere çagyrmak, bu başlangyçda DÇBÖBD-ni goldamak üçin halkara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly işlere ygrarlylygy tassyklaýar. Agzalan maksatnama Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryndan we ýörelgelerinden ugur alyp, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna, adam hukuklary boýunça halkara şertnamalara, Birleşen Milletler Guramasynyň müňýyllygyň Jarnamasyna hem-de 2005-nji ýylda geçirilen Bütindünýä sammitiniň Jemleýji resminamasyna esaslanýar.

Ýurdumyzda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminamadyr. Ol 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitlemek bilen, häzirki zaman şertlerinde DÇBÖBD-ne mahsus meseleleri anyk kesgitleýär we düzümleýin özgertmeleri, sanly arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegine durnuklylygy, maliýeleşdirmegi öz içine alýan toplumlaýyn gün tertibini göz öňünde tutýar. Onuň netijeli durmuşa geçirilmegi geljekki onýyllykda bu ýurtlaryň ösüşini düýpgöter üýtgedip biler.

«Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatlaryny öňe sürýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda dünýä nusgalyk işleri amala aşyryp, halkymyzyň hem-de bütin adamzadyň abadan durmuşy ugrunda beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Begenç ORAZTAGANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyzlykbs 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

111 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze gadamlar bilen

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop