Dark
Light
27.12.2025
awaza 1 THE ASHGABAT TIMES

“Awazada” Ýaşlar forumynyň açylyş dabarasy geçirildi

05.08.2025

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynynyň çäklerinde ýerleşýän “Awaza sport toplumynda” BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Üçünji Maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň açylyş dabarasy boldy. Foruma köp sanly daşary ýurtlardan gelen ýaş liderler, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gulluk akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy gormaka ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň maksady – BMG-niň Durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibini durmuşa geçirmekde ýaşlaryň gatnaşygyny giňeltmekden ybaratdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň “Ýaşlar – 2030” strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, meýilleşdirilen ähli çäreler dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, durnukly ösüşiň umumy wezipelerini çözmek işine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen.

Forumyň gün tertibinde halkara hyzmatdaşlyk, innowasiýalar we ýaşlaryň ählumumy ösüşindäki orny bilen baglanyşykly meseleler orun alýar. Çäräniň esasy maksady parahatçylyk, ynanyşmak we medeniýetara dialog ýaly ýörelgeleri öňe sürmekden ybarat bolmak bilen, forum halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berer.

Gözel PIRMUHAMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň
 uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bmg sekretar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

parlament forumy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop