saglygy gorayys THE ASHGABAT TIMES

Baş baýlygyň goragynda

12.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasaty bilen has dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň eşretli we sapaly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bu Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işi düýpgöter täze derejelere çykdy. Amaly we nazary lukmançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi bilen, ulgamyň işine öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, has takygy, 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de kämilleşdirildi.  2015-nji ýylda bolsa maksatnamanyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegine, keselleriň öňüni almaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Strategiki häsiýete eýe bolan bu maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Şunda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilmegi, gazna tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi, täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy dabaraly bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» atly maslahatlaryň geçirilmegi, zähmetde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, Milli Liderimiziň nusgalyk kitaplarynyň, surat we milli saglygy goraýyş önümleriniň sergisiniň, aýdym-sazly medeni çäreleriň guralmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Goý, saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Rüstem MENGLIÝEW,
Lebap welaýat Gaýragoýulmasyz «Tiz komek» merkeziniň trawmotolog lukmany.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
rus dili kurslari THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Diller – dostluk köprüsi

img 20250812 162620 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiniň 3-nji maslahaty geçirildi.

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop