Dark
Light
26.12.2025
caaga kompyuter THE ASHGABAT TIMES

Bilim-terbiýeçilik işi rowaçlanýar

19.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegi, halkara derejesinde sowat öwrenmegi, täze zehinleriň ýüze çykarylmagy babatda giň gerimli mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Şol sanda mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem zehinlerini ýüze çykarmak, degişli sapaklar boýunça özleşdirmek ukyplaryny kämilleşdirmek, bilimlerini berkitmek, ýaş aýratynlyklaryna görä dürli bäsleşiklere taýýarlamak arkaly bu ugurdaky işleriň netijeliligini artdyrmak babatda hem toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Alym Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ösüp gelýän nesillerimize ata-­babalarymyzyň öwüt­-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has­-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä­-de, bilim özgertmelerini has­-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmek, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny, okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek, geljekki mekdep okuwçylaryny dürli halkara bäsleşiklere taýýarlamak we oňat netijeleri gazanmak babatdaky okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk-usulyýet işlerimizi kämilleşdirmek esasy maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar. Çünki halkara derejeli görkezijilerde bagtyýar nesillerimiziň üstünliklerini görmek, olary bilimiň täze sepgitlerine ruhlandyrmak, ata-eneleriň bu işlere bolan gatnaşygyny berkitmek, pedagogik işgärleriň hünärlerini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly buýsançdyr.

Bitarap ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge, dünýäniň pedagogik tejribesini öwrenmäge, milli başlangyçlarymyzy halkara derejesinde rowaçlandyrmaga uly mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Mähri ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sport olimp THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport – parahatçylygyň ilçisi

yangyn howpsuzlygy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýangyn howpsuzlygynda täze tehnologiýalaryň orny we täsiri

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop