Dark
Light
25.01.2026
awaza forma THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza forumy: durnukly ösüşiň bähbidine bilelikdäki tagallalar

05.08.2025

Mälim bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işine başlady. Bu forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gözbaş alýan daşary ykdysady syýasatymyzda gazanylan nobatdaky üstünligiň ykrarnamasy bolup, ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesiniň oňyn netijelerini äşgär edýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýerleşýän giňişlikleri dünýä ummany ýa-da deňiz bilen araçäkleşmeýär. Häzirki döwürde dünýä ummany bilen serhetleşmeýän 44 döwlet bolup, olaryň 32-si ösüp barýan ýurtlardyr. Olaryň deňze elýeterliliginiň ýokdugy dünýä bazarlaryndan üzňe we söwda çykdajylarynyň ýokary bolmagyna getirýär. Netijede, geografik ýerleşişi bilen şertlendirilen şeýle çäklendirmeler belli bir derejede bu ýurtlaryň ykdysady ösüşinde päsgelçilik döredýär. Şunda kenarýaka portlara göni çykalgasynyň bolmazlygy sebäpli, bu ýurtlar halkara bazarlara çykmak üçin üstaşyr geçirýän döwletlere bil baglamaly bolýarlar. Bu ýagdaýyň amatsyz täsiri ulag çykdajylarynyň ýokarlanmagynda, harytlary ýerlemek üçin sarp edilýän wagtyň artmagynda öz beýanyny tapýar. Şeýlelikde, bu döwletler ähli ösüp barýan ýurtlara mahsus bolan umumy meselelerden başga-da, ýokary söwda we ulag çykdajylary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Daşarky bazarlara harytlary çykarmak we olary beýleki ýurtlardan getirmek bilen bagly ulag çykdajylary, goňşy döwletlere garanyňda, ortaça iki esse ýokary bolýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen serhetleşýän hem-de üstaşyr geçirýän döwletleriň köpüsiniň ösüp barýan ýurtlara degişli bolmagy olaryň meňzeş ykdysady meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirýän şertlerdir. Şol sebäpli, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen goňşy döwletleriň arasyndaky söwdanyň möçberiniň, adat bolşy ýaly, uly bolmazlygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu ýagdaý dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde hiç bir döwletiň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmezden, milli ykdysadyýetini özbaşdak ösdürmäge ukyply däldigini, şol bir wagtda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde we ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerde ony saklamakda söwda ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. 

Şular bilen baglylykda, ine, şu günler hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirilýär. Bu ýokary derejeli maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi bolsa hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Toýlynyýaz ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parlament forumy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler

awaza bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza maslahaty öz işine başlady

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop