Dark
Light
25.01.2026
icc 9800 THE ASHGABAT TIMES
TURKMENISTAN GAZET

BMG-niň Awaza forumy: umumy maksatlaryň bähbidine

10.08.2025

Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy. Bu maslahat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, 100-den gowrak ýurtdan ýokary wezipeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň 50-ä golaýyndan, öňdebaryjy kompaniýalaryň 20-den gowragyndan wekilleri jemläp, dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. 

Forumy we onuň çäklerinde geçirilen köp sanly çäreleri giňden beýan etmek üçin 40-a golaý döwletden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan agdygynyň ýurdumyza gelmegi hem muny aýdyň subut edýär. Forumyň giň wekilçiligi, ýokary guramaçylyk derejesi we hyzmatdaşlyk üçin aňrybaş şertleriň döredilendigi ýokary derejeli myhmanlar tarapyndan aýratyn bellenildi. Maslahatyň netijeli işi üçin halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa ýaly ugurlardaky möhüm meseleleri, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerindäki anyk maksatlarydyr çäreleri öz içine alýan gün tertibi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli dabaradaky çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatyň maksatlarynyň örän giňdigini we ählumumy ähmiýete eýedigini mälim etdi. “Bu maksatlar syýasy, ykdysady, söwda, medeni, ylmy hyzmatdaşlyga halkara derejede itergi bermäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. BMG-niň maslahaty umumy erki, jebisligi hem-de netijeli dialogy yzygiderli geçirmäge we hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygy görkezmäge gönükdirilendir” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen berk bagly bolan DÇBÖBD-niň meselelerini çözmäge halkara raýdaşlyk we ygrarlylyk beýan edildi. Olar forumyň ählumumy häsiýete eýe bolandygyny, 2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2024 — 2034-nji onýyllyk üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly goldaýandyklaryny hem-de onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Enejan GURBANOWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

icc 0590 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilelikdäki okgunly herekete çagyryş

sagdyn witamin iymit sagdyn THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tomus we sagdyn iýmitlenme

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop