THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza maslahaty: dostluk we ynanyşmak köprüsi

10.08.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde ählumumy ösüşiň bähbidine asylly başlangyçlary durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ynsanperwer başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini iş ýüzünde görkezýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Forumyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisleriň barşynda bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat deň mümkinçilikler barada ählumumy dialogy ilerletmekde möhüm tapgyrdyr. Foruma gatnaşyjy döwletlerden çykyş edenler ýygnananlary ileri tutulýan milli ugurlar we möhüm wezipeleri çözmekdäki garaýyşlary bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen birlikde, bu maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenler ulag infrastrukturasyny, şol sanda portlary döwrebaplaşdyrmagyň DÇBÖBD üçin esasy meseleleriň hatarynda durýandygyny belläp, bu işde ekologik abadançylygy üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Geljek on ýyl üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy milli derejede kabul ediljek çäreleri, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen strategiýany öz içine alýar. Bu maksatnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň täze mümkinçilikleri babatda geljege gönükdirilen “ýol kartasyna” öwrülmelidir.

2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär. Awaza syýasy Jarnamasy jebisligiň we raýdaşlygyň beýan edilmegi bolmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklaýar.

Şeýlelikde, bu maslahat halkara hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. Bitarap Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdançany üpjün etdi, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa gatnaşyjylaryň arasynda dialogy alyp barmaga we ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny döretmäge ýardam berdi. BMG-niň bu giň möçberli çäresiniň Awazada geçirilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berip, dürli sebitleriň we medeniýetleriň arasynda dialog üçin platforma hökmünde ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bekmyrat AKYNYÝAZOW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiñ Bagtyýarlyk etrap bölüm müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:29 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
forum jem THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady

5x2a7896 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreleriň birnäçesiniň guramaçysy bolup çykyş etdi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop