Düýn, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şanly waka — 6-njy awgustyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, ýörite brifing geçirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen aýda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl belleniler. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hazaryň kenarynda geçirilýän üçünji maslahatynyň dowamynda şu gün ilkinji gezek bellenip geçildi.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasy ähli döwletlere — Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna we synçylaryna, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna hem-de beýleki halkara we sebit guramalaryna bu halkara güni gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar, raýat jemgyýeti, hökümete degişli bolmadyk we maliýe düzümleri, hususy pudak, ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde, bar bolan meseleler barada habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek arkaly bellemäge çagyrýar.
«THE ASHGABAT TIMES».