Dark
Light
24.01.2026
awaza yad THE ASHGABAT TIMES

Dünýäň belent münberinde, Awaza!

15.08.2025

Bilşimiz  ýaly, Türkmenistan halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sammitleriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, sergileriň, dürli görnüşli bäsleşikleriň we mundan başga-da milli hem-de halkara derejede guralýan dabaraly çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şeýle çäreleriň biri BMG tarapyndan her 10 ýyldan geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň biziň ýurdumyzda, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi parahatçylyk söýüjiligi we dost-doganlygy öňe sürýän, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezýär.

Söwda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy ulgamlarynyň biri bolup durýar. Ýöne ýokary çykdajylar we çylşyrymly amallar bu ulgamda ösüş gazanmagy kynlaşdyrýar. Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, sebit integrasiýasy bolsa bu päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň iň netijeli usullary hasaplanýar. Sebitleýin söwda ylalaşyklary, umumy bazarlaryň döredilmegi DÇBÖBD-ne dünýä bazarlaryndan aradaşlygynyň öwezini dolmaga mümkinçilik berýär. Üstaşyr geçirmek, ulag we arabaglanyşyk hem bu ýurtlar üçin örän wajyp ugurlar bolmagynda galýar. Jarnamada BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň agzalmagy üstaşyr geçirmek meselesiniň iň ýokary derejede ykrar edilýändigini görkezýär. Awaza syýasy Jarnamasy ýollar we portlar ýaly diňe bir fiziki infrastrukturanyň däl, eýsem, sanly arabaglanyşygyň hem ähmiýetini nygtaýar. Bu bolsa häzirki döwürde bu ýurtlar üçin maglumatlara elýeterliligiň örän möhümdigini görkezýär.

Awaza syýasy Jarnamasynda maksatnamany durmuşa geçirmekde dürli derejedäki hyzmatdaşlygyň orny bellenilýär. Ol üstünligiň ähli taraplaryň utgaşdyrylan we ylalaşykly hereketlerine baglydygyny nygtaýar. Resminamada her gatnaşyjynyň orny anyk kesgitlenilýär. Hususan-da, üstaşyr geçiriji ýurtlara aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki olaryň bu ugurdaky syýasaty DÇBÖBD-niň ykdysady abadançylygyna gönüden-göni täsir edýär. Maýa goýumlary artdyrmak, ýeňilleşdirilen maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmek barada köptaraplaýyn ösüş banklaryna we beýleki maliýe edaralaryna çagyryşlar maliýe serişdeleriniň esasy çeşmelerine göni ýüzlenme bolup durýar.

Jemläp aýdanyňda, forum bilen ugurdaş çäreleriň ählisi Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek babatda esasy pikirler hem-de maslahatlar ulgamlaşdyryldy. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentarileriň ornuny pugtalandyrmak üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Goý, umumadamzat bähbitli işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!

Merjen HYDYROWA,
Köýtendag etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mekde islenen 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mekdep bazarlary hereket edýär

okuwcy ya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze okuw ýyly bosagada

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop