Dark
Light
28.12.2025
fabrika formatovmhb 7418 THE ASHGABAT TIMES

Hazaryň türkmen kenary – hyzmatdaşlyk meýdançasy

13.08.2025

Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçdi. Birinji nobatda, maslahatyň gün tertibine çykarylan meseleler babatda oňyn çözgütler kabul edildi. Ol diňe halkymyzda däl, dünýäniň ähli halklarynda-da çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi. Mälim bolşy ýaly, ulag gönüden-göni önümçiligiň dowamy bolup, ol zähmetiň sebitleýin bölünişinde, ykdysadyýetiň ýöriteleşmeginde, toplumlaýyn ösüşinde, tebigy baýlyklaryň özleşdirilişinde, aýratyn hem halkara söwdany guramakda aýgytly orny tutýar. 

Jemi 570 milliondan gowrak ilaty bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy, ýokarlandyrylan ulag çykdajylary, serhetlerdäki logistika meseleleri hem-de goňşy döwletleriň syýasy durnuklylygyna we söwda syýasatlaryna garaşlylygy birnäçe kynçylyklary döredýär. Şeýle ýagdaý olary ählumumy söwda ulgamynda has kynçylykly ýagdaýda goýýar we bu geografik çäklendirmeleri ýeňip geçmek üçin ýörite strategiýalary gözlemegi talap edýär. Bu meseleleri çözmekde Türkmenistana aýratyn orun degişlidir.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde (DÇBÖBD) inklýuziw ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy derejede hereketleri hem-de integrasion tagallalary utgaşdyrmak bu resminamanyň esasy maksadydyr. Hereketleriň Awaza maksatnamasy BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny ähli ulgamlarda doly amala aşyrmak boýunça işlere, şol sanda ýurtlary has işjeň hereketlere çagyrmak, bu başlangyçda DÇBÖBD-ni goldamak üçin halkara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly işlere ygrarlylygy tassyklaýar. Agzalan maksatnama Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryndan we ýörelgelerinden ugur alyp, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna, adam hukuklary boýunça halkara şertnamalara, Birleşen Milletler Guramasynyň müňýyllygyň Jarnamasyna hem-de 2005-nji ýylda geçirilen Bütindünýä sammitiniň Jemleýji resminamasyna esaslanýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Amangül AMANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim isgarleri 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

ila 9295 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop