Dark
Light
26.12.2025
sanly ulgam kiber THE ASHGABAT TIMES

Kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti: maglumat goraglylygy

27.08.2025

Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň kämilleşmegi ynsan durmuşyny görnetin ýeňilleşdirdi. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem maglumatlaryň ygtybarly goralmagy döwletiň hem-de jemgyýetiň abadançylygynyň esasy şertleriniň biridir. Maglumatlary goramak bolsa «kiberhowpsuzlyk» diýlip atlandyrylýan ýörite ylma öwrüldi.

Kiberhowpsuzlyk — munuň özi internete birikdirilen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we maglumatlaryň sanly dünýädäki howplardan goralmagydyr. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary her bir adamyň şahsy maglumatlaryny goramakdan başlap, işewürlik we ylmy syrlary goramak, edara-kärhanalaryň hem-de gulluklaryň kadaly işini üpjün etmek ýaly köp ugurlarda peýdalanylýar.

Maglumatlaryň goragyny üpjün etmekde ýöriteleşdirilen gulluklaryňdyr düzümleriň alyp barýan işleri bilen bir hatarda her bir adamyň şahsy jogapkärçiligi hem örän möhümdir. Şol jogapkärçilik her birimiziň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanan mahalymyzda howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmegimiz bilen baglanyşyklydyr. Sanly tehnologiýalardan peýdalanylanda ygtybarly açar sözleri ulanmak, internet arkaly töleg amallaryny ýerine ýetirmegiň düzgünlerini berjaý etmek, wiruslara garşy programmalardan peýdalanmak, maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasyny saklamak, näbelli gelip çykyşly maglumat göterijilerden gaça durmak we beýlekiler degişlidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, . «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi degişli ugruň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etdi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň internet ulgamyndaky wehimleriň öňüni almakda, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmeginde ähmiýeti uludyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrüň talabyndan ugur alnyp, sanly ulgamy ösdürmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň, jemgyýetiň abadançylygynyň güwäsidir.

Maksatmyrat RAHMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň
Içerki goşunlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

website banner THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistandaky BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Geljekki başarnyklar akademiýasynyň ikinji toparyny işe girizýär we ýaşlara geljege zerur hünärleri ele almaga mümkinçilik berýär

guterris THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop