kitap edebiyat THE ASHGABAT TIMES

Kitaphanalar – paýhas öýi

02.08.2025

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitaphanalar — paýhas öýi. Durmuşyň ähli ugurlaryna degişli edebi-çeper, taryhy we ylmy kitaplary bu ýerde aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Dürli dünýä dilleri, alys we ýakyn ýurtlaryň wekilleri, olaryň pikir-garaýyşlary, aýdan sözleri, döreden eserleri bilen tanşyp bolýar» diýip belleýär. Dogrudan-da, kitaphanalar — paýhas öýi, ruhy kämilligiň merkezi. Kitaplar dünýäsine aralaşmak bilen, biz ruhy kämillige, aň ösüşine ymtylýarys.

Ýurdumyzyň kitaphanalary umumy elýeterli bilim çeşmeleri we özbaşdak bilim almagyň esasy binýady bolup durýar. Olar jemgyýetiň günsaýyn artýan ruhy islegini kanagatlandyrmak bilen köpçüligiň medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde kitaphana ulgamy ygtybarly ösdürilýär, sanly ulgam ornaşdyrylýar, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlary hödürlenilýär. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.

«Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylan Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimizden ugur alnyp has-da kämilleşdirilmegine uly goşant bolar. Çünki bu resminama laýyklykda, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümlerini, şol sanda has köp okalýan kitaplary, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlary, çeper eserleri, ensiklopediýalary, sözlükleri neşir etmek hem-de kitaphanalara ýaýratmak göz öňünde tutulýar.

Bir söz bilen aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýhas öýi bolan kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Goý, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Gülbahar ŞANAZAROWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
hazar port THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty

bmg sekretar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop