Dark
Light
24.01.2026
mekde islenen 25 THE ASHGABAT TIMES

Mekdep bazarlary hereket edýär

14.08.2025

Şu günler ýurdumyzyň obadyr şäherlerindäki söwda nokatlarynda 2025-2026-njy okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde guralan mekdep bazarlarynyň işi barha gyzyşýar. Olarda okuwçylara niýetlenen egin-eşikler, dürli okuw esbaplarydyr beýleki gerekli serişdeleriň köp görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.

1-nji awgustdan başlap ýaýbaňlandyrylan mekdep bazarlarynda ilata hödürlenilýän önümleriň köpüsi ýerli harytlardyr. Milli däplere we dünýä ülňülerine laýyklykda taýýarlanylan ýokary hilli önümler elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Neşir önümleriniň bezegi alym-mugallymlaryň we psihologlaryň ylmy hödürnamalary nazara alnyp, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim syýasatynyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandyr. 

mekdepp arkadag THE ASHGABAT TIMES

Okuw esbaplarynyň söwdasy üçin ýurdumyz welaýatlarynda, paýtagtymyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde ýörite nokatlar döredildi. Olardaky haryt bolçulygy ýurdumyzyň abadançylygyny, ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

malikguly care THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan çäre

awaza yad THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýäň belent münberinde, Awaza!

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop