Dark
Light
26.12.2025
sawkat THE ASHGABAT TIMES

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy

07.08.2025

Awazada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji  konsultatiw duşuşygyna  taýýarlyk görülmegine  bagyşlanan çäre geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen çärä Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.  

Çäräniň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okady.

Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň bu ýokary döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ýokary döwlet sylagy bilen Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik çäreleri arkaly Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan goşandy üçin sylaglandy. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

surat 11 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Taryhy wakalaryň buýsanjy

awaza gun halkara THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň täze halkara güni döredildi

Soňkylar Habar

GitTop