Dark
Light
24.01.2026
okuwcy ya THE ASHGABAT TIMES

Täze okuw ýyly bosagada

18.08.2025

Her ýyl sentýabr aýynyň golaýlaşmagy bilen, ähli bilim ojaklarynda, okuw-terbiýeçilik edaralarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şunda şu ýylyň 1-nji sentýabrynda belleniljek Bilimler we talyp ýaşlar gününi guramaçylykly we dabaraly garşylamaga ýokary derejede taýýarlyk görýäris.

Ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bolşy ýaly, mekdebe çenli bilim edaralarynda hem täze okuw ýylyna guramaçylykly gadam basylýar. Çagalar bilen okuw maksatnamasy esasynda gyzykly we örän ähmiýetli bolan sapaklaryň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şadyýan tomsuň ýakymly ýatlamalaryndan, sagaldyş we dynç alyş möwsüminiň wakalaryndan ruhlanan bagtyýar nesillerimiz ýaş aýratynlyklaryna görä degişli toparlarda duýgulary ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, bedenterbiýe ýaly sapaklara, sowat öwrenmäge, sözleýiş dilini ösdürmäge, ýönekeý matematik düşünjelerini berkitmäge, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, daşary ýurt dilleri ýaly sapaklara gatnaşarlar.

Biz hem täze okuw ýylynda-da körpe nesillerimizi ýokary derejede terbiýelemäge, olaryň sagdyn ösüşini gazanmaga, mynasyp sowat öwretmäge yhlasymyzy, döredijilik başarnyklarymyzy doly derejede sarp edip zähmet çekmäge çalşarys. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, zähmet şertleriniň ýokarlandyrylmagy, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň goldanylmagy bizi has netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini gollanma edinip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanyp zähmet çekmek her bir bilim işgäri üçin uly bagtdyr.

Ýurdumyzyň altyn geljegine deňelýän mähriban körpelerimiz üçin täze-täze çagalar bakja-baglaryny, ak mekdepleri gurduryp ulanmaga berýän, bilim işgärleriniň hünär babatda kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Maral SOPIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza yad THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýäň belent münberinde, Awaza!

kustci zenanlar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýäniň iň güýçli 50 milli ýygyndysynyň hataryna girdi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop