Dark
Light
28.12.2025
bilim isgarleri 25 THE ASHGABAT TIMES

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

13.08.2025

Bilim ulgamyny ösdürmek we bilim-terbiýeçilik işiniň usulyýetine innowasiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak döwrüň talabydyr. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 11 – 13-nji awgusty aralygynda geçirilen bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary möhüm ähmiýetlidir. Bu möhüm çäre her täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda geçirimegi asylly däbe öwrüldi.

Usuly-amaly okuwlar geçýän mekdeplerde döredijilikli işleýän mugallymlaryň iş tejribeleri boýunça sergiler guraldy.  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygara bilen geçirilen bu usuly-amaly okuwlar hem-de nazary çykyşlar mugallymlaryň täze okuw meýilnamalary we maksatnamalary bilen içgin tanşyp, olary öz iş tejribelerinde netijeli ulanmagyna mümkinçilik berýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän ähli bilim işgärleriniň gatnaşmagynda geçen usuly-amaly okuwlar 2024-2025-nji okuw ýylynyň jemini jemlemekde we täze, 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Okuwlarda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler babatynda maslahatlaşyldy.

Gülhumar JUMATOWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gozelsha THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa 85 ýaşady

fabrika formatovmhb 7418 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hazaryň türkmen kenary – hyzmatdaşlyk meýdançasy

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop