Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty köp formatly we köpugurly wakadyr. Türkmenistan kabul ediji ýurt hökmünde oňa gabatlap, häzirki şertlerde DÇBÖBD-niň möhüm meseleleriniň netijeli çözgütlerini gözlemek bilen baglanyşykly milli çäreleriň birnäçesini taýýarlady. Olary guramaga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de bilermenleri gatnaşdylar.
Hususan-da, 6-njy awgustda ýaşlara bagyşlanan çärede, durnukly energetika boýunça çärede, häzirki dünýä gün tertibiniň möhüm meselesi bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça ugurdaş çärede ýurdumyz guramaçy hökmünde çykyş etdi. Munuň özi ýurdumyzyň köp ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga saldamly goşant goşýar.
«THE ASHGABAT TIMES».