Dark
Light
27.12.2025
parlament forumy THE ASHGABAT TIMES

Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler

05.08.2025

Düýn, 4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi we BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda gurady. Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Parlament forumy «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» ady bilen geçirilýär. Ol «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler», «Deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan ýurtlara ýaýraýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny kemala getirmek we pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we hasabatly dolandyryşy döretmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly ösüşe ýardam edýän şertler», «Parlament wekilleriniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, hereketleriň meýilnamasy boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy» ýaly 4 ugur boýunça mowzuklaýyn mejlislerde öz işini dowam eder.

Foruma gatnaşyjylar milli we halkara ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Bu çäre kanun çykaryjy edaralaryň parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi ilerletmekde alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän köptaraply dialog üçin möhüm meýdança öwrüldi. Forumyň netijeleri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri bilen utgaşyklylykda halkara derejedäki syýasy resminama hökmünde kabul ediljek 2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynda öz beýanyny tapar.

Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Awazada” Ýaşlar forumynyň açylyş dabarasy geçirildi

awaza forma THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza forumy: durnukly ösüşiň bähbidine bilelikdäki tagallalar

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop