Dark
Light
26.12.2025
yangyn howpsuzlygy THE ASHGABAT TIMES

Ýangyn howpsuzlygynda täze tehnologiýalaryň orny we täsiri

22.08.2025

Häzirki zaman dünýäsi yzygiderli ösüş ýolundan barýar. Bu ösüşler diňe bir ykdysady ýa-da durmuş ulgamynda däl, eýsem, jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çärelerde-de aýdyň ýüze çykýar. Şeýle möhüm ugurlaryň biri hem ýangyn howpsuzlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy döwrebap ýangyn söndüriji hem-de ýangyn söndürilende ulanylýan ýöriteleşdirilen tehnikalardyr beýleki zerur enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şunda döwrebap innowasion tehnologiýalara aýratyn orun degişlidir.

Täze tehnologiýalaryň ýangyn howpsuzlygy ulgamyna girizilmegi, ilkinji nobatda, tiz duýduryş bermek, tizlik bilen çäre görmek we howanyň hilini yzygiderli gözegçilikde saklamak ýaly mümkinçilikleri giňeldýär. Mysal üçin, häzirki wagtda ýurdumyzyň köp sanly jemgyýetçilik binalarynda, mekdeplerde, saglygy goraýyş edaralarynda we söwda merkezlerinde awtomatlaşdyrylan ýangyn duýduryş ulgamlary ornaşdyrylýar. Bu ulgamlaryň kömegi bilen ýangynyň ýüze çykmagynyň ilkinji pursatlarynda ses ýa-da yşyk signal berilýär, bu bolsa işgärleriň we raýatlaryň derrew degişli çäreleri görmegine mümkinçilik döredýär.

Ýangyn howpsuzlygy boýunça maglumatlaryň ýygnalmagy we seljerilmegi üçin elektron maglumat ulgamlary giňden ulanylýar. Munuň netijesinde, ýangynlaryň sebäpleri we köpelýän ýerleri has takyk kesgitlenýär we öňüni alyş strategiýalary işlenip düzülýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we şäherlerinde ýangyn howpsuzlygy boýunça bilim we maglumat ulgamyny güýçlendirmek üçin ýörite okuw sapaklary, seminarlar yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler jemgyýetçilik howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly bilim we terbiýeçilik işleri hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerine esaslanýar. Mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda maglumat tehnologiýalarynyň kömegi bilen ýörite simulýatorlar arkaly okuwçylar hem-de talyplar amaly taýdan taýýarlyk geçýärler. Şeýle çäreler jemgyýetiň ähli gatlaklarynda howpsuzlyk medeniýetini kemala getirmäge uly itergi berýär.

Jemläp aýdanyňda, täze tehnologiýalar we döwrebap çözgütler ýurdumyzyň ýangyn howpsuzlygy ulgamynyň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Olar diňe bir ýangynlaryň öňüni almaga we çalt söndürmäge däl, eýsem, jemgyýetiň howpsuzlyk babatda oňyn düşünjesini berkitmäge hem uly täsir ýetirýär. Munuň netijesinde, ýurdumyzyň ähli raýatlary ynamly we howpsuz durmuş ýörelgelerine eýerip, ykdysady we durmuş ösüşiň täze belentliklerine gadam basýarlar. Goý, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Döwlet HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň
Ýangyn tehniki fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caaga kompyuter THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim-terbiýeçilik işi rowaçlanýar

kids 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop