Dark
Light
25.01.2026
awaza yaslar forum THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar dünýäniň üns merkezinde

11.08.2025

Milletler Bileleşigi ýaşlaryň döredijilikli çemeleşmesiniň, taglymlarynyň we güýç-kuwwatynyň ýaşaýan jemgyýetleriniň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini öňe sürýär. Şu jähetden, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň hem-de ýaşlar syýasaty bilen ugurdaş çäreleriň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmak üçin meýdança döretmek, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek, ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak  ýaly ugurlar şu gezekki maslahatyň esasy maksatlarynyň hataryndadyr. Ýaşlar forumynyň dowamynda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ählisiniň ýaşlary bilen hemmetaraplaýyn geňeşmeler esasynda taýýarlanylan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasynyň tanyşdyrylmagy hem-de makullanylmagy, türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda Ýaşlar jarnamasynyň gowşurylmagy netijeli häsiýete eýedir.

Forum «Ýaşlar üns merkezinde: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly mejlisden, Nesilleriň arasyndaky dialogdan, şeýle hem «Ösüşi höweslendirmek — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ykdysadyýet üçin sanly ösüş ulgamynda ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky innowasiýalar» hem-de «Hukuklary we özgerişlikleriň mümkinçiliklerini giňeltmek — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň orny» atly bölümçelerden ybarat boldy. Forumyň dowamynda ýaşlar syýasaty bilen ugurdaş çäreler hem geçirildi.

Hususan-da, «Ýaşlar syýasaty iş ýüzünde: Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin sebitleýin liderligi we strategik maýa goýumlary güýçlendirmek», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin parahatçylyk we ynanyşmak köprülerini döretmek» hem-de «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin strategik serişde hökmünde demografik diwidend» atly çäreler ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň özi özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýan ýaşlaryň başlangyçlarynyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşine goşant goşup biljekdigini tassyklaýar.

Hojamyrat GURBANDURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sagdyn witamin iymit sagdyn THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tomus we sagdyn iýmitlenme

icc 0554 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop