Dark
Light
27.12.2025
icc 0554 THE ASHGABAT TIMES
TURKMENISTAN GAZET

Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda

11.08.2025

Häzirki zaman jemgyýetinde zenan ýolbaşçylar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Olar gender deňligini ilerletmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň öňünde durýan möhüm meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýarlar.  Şu jähetden, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy bu ýurtlarda ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, dürli meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge zenanlaryň işjeň gatnaşmagy bolsa durnukly ösüşi gazanmaga ýardam berýän möhüm şertleriň biri bolup çykyş eder. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmaga zenanlaryň doly we deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmek üçin ýokary derejede syýasy goldawy bermek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak üçin meýdançany döretmek maksady bilen, bu ýurtlarda gender deňligini gazanmak hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek babatda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrmak, agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge ýardam berjek zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin maslahatlary işläp taýýarlamak, zenanlaryň tehnologiýalara, maliýe serişdelerine elýeterliligini giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmek bu forumyň esasy maksatlarydyr.

Zenan ýolbaşçylar işewürlikde hem işjeň orny eýeleýärler. Olaryň täzeçil pikirleri, özboluşly çemeleşmeleri işi netijeli guramaga goşant goşýar. Zenanlar jemgyýetde zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak ugrunda çykyş edip, bu meselelere aýratyn üns çekýärler. Mundan başga-da, olar bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda möhüm orny eýeleýärler. Olaryň bu ulgamlarda alyp barýan işi sagdyn, bilimli jemgyýeti kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamak gerek. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şu gezekki forum bolsa zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, milli we halkara derejede syýasy çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmaklarynyň durnukly ösýän jemgyýeti kemala getirmek üçin esasy şertleriň biridigini görkezdi.

Merjen GULAMOWA,
Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza yaslar forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlar dünýäniň üns merkezinde

icc 9331 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Umumy maksat – röwşen geljegi gurmak

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop