Aşgabada döwrebap, kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze ýolagçy awtobuslarynyň 700-si gelip gowuşdy. Hytaýda öndürilen bu ulaglar ýakyn wagtda paýtagtymyzyň şaýollaryny we köçelerini bezäp, ilata hyzmat edip başlar.
Aşgabada getirilen, uzynlygy 12 metr bolan «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobuslar üç gapyly bolup, olaryň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär. Bu diýmek, täze awtobuslaryň zyýanly maddalary we gazlary juda az möçberde çykarýandygyny aňladýar.
Täze awtobusda oturgyçlaryň sany 26-a ýetýär. Şäher ýerlerinde ol bir wagtda 100-e golaý adamy äkidip bilýär. Ulag hyzmaty üçin ýol nyrhyny tölemek sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Bu ulgam ýerli NFC bank kartlary, QR-kod we kagyz petekler arkaly işleýär. Awtobusda ulaga münýän we düşýän ýolagçylaryň hasabyny ýöredýän enjamlar ornaşdyrylandyr. Awtobusyň gatnaw ugry ýagtylyk diodly displeýler arkaly sanlarda we aýlanýan ýazuw görnüşinde beýan edilýär. Mundan başga-da, onuň iki gapdalynda oturdylan iki sany ýanyp-öçýän displeýler arkaly şygarlar, il-ýurt ähmiýetli möhüm wakalar köpçülige wagyz ediler.
Awtobusyň hereketiniň tizligini dolandyryjy awtomatik ulgam Germaniýanyň önümi bolup durýar. Täze awtobuslaryň içi gyşyna ýyly, tomsuna bolsa salkyndyr. Şeýle hem awtobus hereketini togtadyjy «Knorr EBS» elektron ulgamy duýdansyz dörän ýol-ulag hereketine dessin çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Ol, adaty togtadyjy ulgam bilen deňeşdirilende, ulagy duruzmagyň wagtyny gysgaldýar hem-de togtama hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýär.
«CarLog» programmasynyň, dolandyryşyň merkezi displeýiniň, GPS ulgamynyň we gurnalan wideokameralaryň 10-synyň kömegi bilen awtobusdaky herekete we sürüjiniň dolandyryşyna gözegçilik etmek üçin häzirki zaman intellektual ulgamy hereket edýär. Şeýle hem täze awtobusda wideoşekilleri görkezýän monitor, haýsy duralga gelnendigini duýdurýan ses enjamlary, Wi-Fi router, ykjam telefonlara elektrik zarýad berijiler bar. Mundan başga-da, mümkinçiligi çäkli ýolagçylaryň awtobusdan amatly münüp-düşmegi üçin zerur şertler döredilipdir.
«THE ASHGABAT TIMES».