img 7290 scaled THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugynyň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

09.09.2025

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 8-nji sentýabry – BMG-nyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugynyň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň konsultatiw duşuşygy geçirdi.

Duşuşyk UNFPA bilen Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda gol çekilen 2024-2025-nji ýyllar üçin «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmegiň» meýilnamasynyň çäklerinde geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gender deňligi boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmäge hem ýerli hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Meýilnama milli gender strategiýasyna, Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşine we halkara barçnamalaryna, şol sanda Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň jemleýji maslahatlaryna (2024), Köptaraply döwürleýin syna we beýleki borçnamalara esaslanýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Gender deňligi boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň gurluşyny, esasy ugurlaryny we onuň çäklerinde geçiriljek anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Netijede meýilnamanyň üstünde işlemegi dowam etdirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Goşmaça maglumat üçin: Mehri Karakulowa, Gender deňligi we ýaşlar syýasaty babatyndaky meseleleri boýunça bolüm müdiri; karakulova@unfpa.org

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
yaslar taze 11 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watanymyzyň kuwwatly güýji

cuyse zawod THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop