Dark
Light
24.01.2026
5dc4f45243d192c827b720d8879a0268 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Asuda asman astynda döwrebap ösüşiň 34 ýyly

29.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda her bir gün toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Agzybir hem-de zähmetkeş halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jem bolup, Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk toýuny uly ruhubelentlik bilen belledi.

Tylla güýzde döwlet derejesinde ýokary guramaçylyk bilen geçirilýän Garaşsyzlyk baýramy halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar. Bu baýramçylyga mynasyp taýýarlyk görmek maksady bilen ähli pudaklarda zähmet üstünlikleri gazanylýar. 34 ýyl — taryh üçin gysga döwür bolsa-da, bu ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan özgertmeler asyrlara barabar ösüşleri öz içine alýar.

Türkmenistan häzirki wagtda halkara giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. Dünýä döwletleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleriniň dünýä derejesinde goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.

Bilim, ykdysadyýet, eksport, sanly ulgam — ähli ugurlarda ösüşler Garaşsyzlygyň halkymyza peşgeş beren miwesidir. “Türkmenistanda öndürilen” ýazgyly önümleriň içerki we daşary ýurt bazarlarynda giňden tanalmagy hem bu ösüşiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaş nesiller üçin döredilen mümkinçilikler aýratyn buýsanç döredýär. Körpe mekdep okuwçylaryna sowgat berilýän kompýuterler, döwrebap kitaphanalar, ýokary okuw jaýlarynyň artmagy, halkara bäsleşiklerde gazanylýan üstünlikler — bularyň hemmesi Garaşsyzlygyň datly miwesidir.

Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşamak — halkymyzyň iň uly bagty. Mugallymlar üçin bolsa, şeýle mümkinçilikler bilen ýaş nesle bilim bermek, Watanyň geljegine goşant goşmak kalby guwandyrýan mukaddes zähmetdir.

Aýgül BEGNAZAROWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

im not a robot converted THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Žurnalistika we Sanly Ulgam: Maglumat Dünýäniň Täze Görnüşi

2025 09 26turkmenistansindependenceday 81 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Brýusselde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli medeni agşam (fotoşekil)

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop