Dark
Light
25.01.2026
yol hereketi THE ASHGABAT TIMES

Asudalyk – ýollarymyzyň ýaraşygy

11.09.2025

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny hem ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar.

Häzirki döwürde ýaşaýşymyz awtoulaglar bilen berk baglanyşykly. Awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi bolsa sürüjiler we pyýadalar tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edýär. Düzgünleri berjaý etmekde iň esasy serişdeleriň biri-de ir döwürde oýlanyp tapylyp, biziň günlerimize çenli kämilleşen ýolyşykdyr.

Ilkibaşda ýolyşykda gyzyl hem-de ýaşyl reňkli duýduryjylar bolupdyr. Olardan gyzyl reňk «dur», ýaşyl reňk bolsa «ýöre» diýmegi aňladýar. Ýyllaryň geçmegi bilen ýolyşykda sary reňk hem peýda bolup, ol «taýýarlan» diýen duýduryşy aňladýar. Şeýlelikde, ýolyşykdaky saýgarylmasy aňsat bolan bu üç reňk ýollarda, köçelerde adamlara ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekde uly ähmiýete eýedir. Käbir ýolyşykda çyralaryň näçe sekuntdan çalyşjakdygyny görkezýän, ýagny azalyp barýan sanlar hem bolýar. Şular ýaly ýolyşyk bar bolan çatryklarda eger sanlar nola ýetýänçä geçip biljekdigiňize gözüňiz ýetse, gyssanmaçlyga ýol bermän geçmeli. Eger-de sanlar nola ýetýänçä ýoldan geçip bilmeseňiz, onda, düzgüne görä, hökman garaşmalydygyňyzy ýatdan çykarmaň!

Jemläp aýdanyňda, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly  biraýlygyň geçirilmegi raýatlarymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda, ömrümiziň howpsuzlygyny gazanmakda, döwletimiziň abadanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ulugbek UMIDŽANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyzlyk yaslar caga THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nesilleriň milli medeniýet mekdebi

garassyzlyk bar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk – ömürleriň aýdymy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop