Dark
Light
25.01.2026
halk maslahat THE ASHGABAT TIMES

Bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoly

23.09.2025

Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, türkmenler halkyň öňe çykaran, saýlan adamlaryna, il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen garapdyrlar, çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip sarpalapdyrlar. «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly aýtgylary döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdirler.

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, bilim almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Täze taryhy döwrümizde ýaşlara bildirilýän ynam örän uly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri bolsa ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýar.

Merjen GURBANGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyzlyk bar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nurana geljegimiziň şamçyragy

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop