emblema 2025 THE ASHGABAT TIMES

Baky berkararlygyň binýady

15.09.2025

Taryhy maglumatlaryň habar bermegine görä, türkmen halkynda gadymy zamanlardan bäri wajyp durmuş meseleleri maslahatlaşylyp çözülipdir. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de onda garaljak il-ýurt bähbitli meseleler hakda pikir edeniňde, türkmeniň bu asylly däbiniň taryhy kökleri birme-bir göz öňüňden geçýär.

Şu ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmäge, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet bermelidigini belledi. Munuň özi umumymilli forumda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan täze belentliklere çykarmaga gönükdirilen özgertmelere badalga beriljekdigini tassyklaýar.

Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köpasyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan berkarar döwletimiziň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýädäki at-abraýynyň barha artmagy, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Halkymyzy belent maksatlar bilen röwşen geljegiň nurana ýolunda jebisleşdirip, döwletimizi baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Maksat RAZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
pagta kom 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Berekediň gözbaşy

halk maslahaty THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maslahatly il myrada ýeter

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop