Dark
Light
24.01.2026
bilim mekdep THE ASHGABAT TIMES

Belent maksatlar bilen röwşen geljege

25.09.2025

Berkarar döwletimizde ähli ösüşleriň binýadynda duran ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, 19-njy sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşlarynda hem ýaş nesilleriň bilimleriniň we garaýyşlarynyň derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigi jaýdar nygtaldy. 

Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşýar. Eziz Watanymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýlary toýlanylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde ýurdumyzda täze bilim-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biriniň milli buýsanç arkaly kemala gelýändigini, milli buýsanjymyzyň gözbaşynda bolsa halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhynyň bardygyny beýan edip, milli buýsanjyň nesil terbiýesi üçin giň mümkinçilikleri açýan gymmatlykdygyny nygtaýar. Dogrudan-da, şöhratly taryhymyza söýginiň esasynda milli buýsanjyň kemala gelmegi ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň sözleri bilen aýtsak, terbiýäniň özboluşly mekdebi bolan milli mirasymyzda Watany, topragy, zähmeti söýýän, päk ahlakly, edep-ekramly nesilleri ýetişdirmegiň ajaýyp däpleri jemlenendir.

Ýurdumyzda häzirki we geljek nesilleriň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilen ägirt uly işleri, beýik özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize alkyşlarymyz bimöçberdir. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aşyrgül HOJAMGULYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 19-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk – halkyň ykbaly

twdcid bob iger 2 8769d2e8 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ABC News žurnalistleri Disney ýolbaşçysyny metbugat azatlygyny goramaga çagyrýar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop