Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Bu möhüm çäre hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 5-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde guramaçylykly geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda kabul edilen we häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän «Pagtaçylyk hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Daýhan birleşikleri hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Döwlet ýer kadastry hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary oba hojalyk ulgamyny anyk ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny üpjün edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary netijesinde bu pudagyň üstünlikleri dowamat-dowama beslenýär. 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy ekerançylarymyzy has yhlasly zähmet çekmäge höweslendirdi. Hormatly Prezidentimiziň 5-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi oba hojalykçylaryň we halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň pagtaçylary «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirdiler. Pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, tehnikalary ýygym möwsümine taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. Çünki oba hojalygy diňe bir ykdysady mümkinçilik bolman, eýsem, halkymyzyň abadançylygynyň, ýurt Garaşsyzlygynyň, azyk bolçulygynyň hem nyşanydyr. Oba hojalygynyň ösüşi ýurdumyzyň durnukly geljegi üçin möhüm orny eýeleýär. Bu pudagyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.