Dark
Light
25.01.2026
mg 7051 2 THE ASHGABAT TIMES

Bilim – bagtyýar ösüşleriň binýadydyr

23.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň ýeten belent derejesiniň şaýady bolmak her birimizi bagtly edýär. Dünýä nusgalyk üstünlikleri gazanyp, günsaýyn durnukly ösýän, özgerýän Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, sazlaşykly durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleri netijesinde bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyk kämilleşýär. Çünki bilim biziň bagtyýar ösüşlerimiziň binýadydyr.
Täze taryhy eýýamda döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalan türkmen maşgalalarynda çagalaryň bilimine, terbiýesine çagalyk döwürlerinden üns berilýär. Çünki çagalykdan kämil bilim alan, sanly ulgamdan we täze tehnologiýalardan başy çykýan, dünýä dillerini kämil bilýän zehinli ýaşlaryň zerurlygy döwrüň talabyna öwrülýär. Döwletimiziň bedew batly ösüşi şeýle ýaşlaryň ýetişdirilmeginiň möhümdigini görkezýär. Ýurdumyzda bu babatda ähli zerur çäreler durmuşa geçirýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda bilim pudagynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek güýçli depginde dowam etdirilýär. Munuň özi talyp ýaşlara we mekdep okuwçylaryna internet maglumatlaryndan peýdalanmaga, elektron kitaphana elýeterliligine giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Bilim portalynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bir bitewi elektron kitaphana ulgamyna birikdirilmegi ösüp gelýän ýaşlarymyz babatda edilýän aladalardan nyşandyr.
Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän, döwrebap enjamlar bilen düýpli enjamlaşdyrylan täze bilim binalarynyň sany ýyldan-ýyla artýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda başlanan täze okuw ýylyna — Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlap Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýän ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzda Watanyna, halkyna ygrarly, milli ruhda terbiýelenen, kämil bilimli, ýokary aň-düşünjeli, sagdyn we ruhubelent ýaşlary kemala getirmek babatda döwletimiz tarapyndan yzygiderli tagallalaryň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Batyr WELBEKOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

halk mas 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Geňeşmek -döwletlilikden

garassyz halk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkda Hakyň ady bar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop